Türkmenistan bilen Pakistan “TurkmenTextile Expo 2026” atly halkara sergisiniň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada sişenbe güni Pakistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
Çäräniň çäklerinde Pakistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi doktor Faryal Leghari hem-de MCB Bankyň müdiriýetiniň başlygy,” Nishat Group” holdingyň ýolbaşçysy Mian Muhammad Manşa türkmen ýolbaşçylary bilen duşuşdylar. Taraplar duşuşygyň dowamynda dokma söwdasyny, maýa goýumlary, bank ulgamyny, maglumat merkezlerini hem-de ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Serginiň halkara gatnaşyjylarynyň biri hökmünde Pakistanyň iri senagat holdingi “Nishat Group” çykyş etdi. Kompaniýa öz pawilýonyny hödürläp, döwrebap dokma çözgütlerini, önümçilik mümkinçiliklerini we durnukly önümçilik ugurlaryndaky innowasion çemeleşmeleri bilen tanyşdyrdy. Serginiň dowamynda kompaniýanyň wekilleri köp sanly B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklary geçirip, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary sebit bazaryna ornaşdyrmak mümkinçiliklerine garadylar.
“TurkmenTextile Expo 2026” Merkezi Aziýada dokma senagatyny ösdürmek, tejribe alyşmak we işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin möhüm halkara meýdança hökmünde öz ornuny barha pugtalandyrýar.













