Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim anna güni Türkmenistanda amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde Aşgabatdaky Garaşsyzlyk binasyna hem-de Gypjak obasyndaky Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Premýer-ministri Garaşsyzlyk binasynda Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow garşylady. Anwar Ibrahim ýadygärlige gül goýup, Hormatly myhmanlar seýilgähinde agaç oturtmak dabarasyna gatnaşdy.
Habarda aýdylmagyna görä, häzirki sapar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge gönükdirilendir. Iki ýurduň arasyndaky syýasy dialog Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylda Malaýziýada amala aşyran resmi saparyndan soň has-da işjeňleşdi.
Malaýziýanyň Premýer-ministrini Gypjak obasyndaky Ruhy metjitde Türkmenistanyň müftüsi Ýalkap Hojagulyýew garşylady. Ol metjitde juma namazyna gatnaşyp, aramgähe gül desselerini goýdy.





32444-90x604.jpeg)







