Türkmenistan Brýusselde Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda ulag, energetika, sanly ulgam we söwda ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen Özara arabaglanyşyk gün tertibiniň platformasynyň işe girizilmegine bagyşlanan ýokary derejeli çärä gatnaşdy. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy habar berdi.
Çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilçiligiň ýolbaşçysy Sapar Pälwanow gatnaşdy. Duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri, ministrler we ministrleriň orunbasarlary, Merkezi Aziýa, Günorta Kawkaz we Gara deňiz sebitleriniň ýurtlarynyň, şeýle hem Türkiýäniň, Ukrainanyň, Moldowanyň we ÝB-niň agza döwletleriniň ilçileri, halkara maliýe institutlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Transhazar ulag geçelgesini ösdürmek, ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak hem-de strategik taslamalara maýa goýumlaryny çekmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Sapar Pälwanow çykyşynda ulag arabaglanyşygynyň durnukly ykdysady ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekdäki ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň üstaşyr ulag merkezi hökmünde uly mümkinçiliklere eýedigini belledi. Şeýle-de ol Hazar ugrundaky möhüm halka hökmünde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähmiýetini hem-de multimodal daşamalary ösdürmekdäki ornuny aýratyn belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Gazagystan, Özbegistan, Eýran we Owganystan bilen demir ýol arkaly baglanyşygyny üpjün edýän demir ýol düzümleriniň ähmiýeti nygtaldy.
Çäräniň çäklerinde sebitara özara arabaglanyşyk gün tertibini durmuşa geçirmäge gönükdirilen birnäçe resminama gol çekildi. Hususan-da, Ýewropa Komissiýasy halkara maliýe edaralary bilen ulag düzümini maliýeleşdirmek, serhet geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak we Gara deňiz hem-de Günorta Kawkaz sebitlerinde söwdany ösdürmek babatda ylalaşyklary gazandy.
Habarda bellenilişi ýaly, täze platforma Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ulag we söwda geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlaryny we taslamalary utgaşdyrýan mehanizm bolup hyzmat eder.













