“Tourism Malaysia” sişenbe güni ilkinji gezek Türkmenistanda syýahatçylyk pudagynyň wekilleri üçin ýöriteleşdirilen seminary geçirdi we Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini, “Visit Malaysia 2026” milli kampaniýasyny hem-de Türkmenistanyň syýahatçylyk bazary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça meýilnamalary bilen tanyşdyrdy.
Çäre Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde guraldy. Oňa ýerli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, awiakompaniýalaryň, syýahatçylyk kompaniýalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda iki ýurduň arasynda syýahatçylyk alyş-çalşyny ösdürmegiň geljegi ara alyp maslahatlaşyldy. Seminarda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary Gülşat Bakiýewa, “Tourism Malaysia Almaty” merkeziniň direktory Nor Şazli Azmi we başga-da birnäçe çärä gatnaşyjy wekiller çykyş etdiler.
Nor Şazli Azminiň aýtmagyna görä, 2025-nji ýylda Türkmenistandan Malaýziýa 10 müň 750 syýahatçy baryp gördi. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42,5 göterim ýokarydyr. 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda bolsa Türkmenistandan 3 müň 482 raýat Malaýziýa syýahat bilen bardy. Şeýle hem syýahatçylaryň sanynyň artmagynyň esasy sebäpleriniň biri hem Aşgabat bilen Kuala-Lumpuryň arasyndaky göni howa gatnawynyň ýola goýulmagydyr.
Seminaryň dowamynda “Tourism Malaysia” ýurduň kenarýaka, ekologiýa we maşgala syýahatçylygy ugurlaryndaky mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem daşary ýurtly syýahatçylary çekmäge gönükdirilen “Visit Malaysia 2026” milli kampaniýasy barada maglumatlar berildi.
Nor Şazli Azmi habarçylar bilen geçirilen söhbetdeşlikde “Tourism Malaysia” guramasynyň “Education Malaysia Global Services” (EMGS) bilen bilelikde daşary ýurtly talyplary Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerindäki bilim mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol lukmançylyk syýahatçylygy boýunça Gazagystandan we Özbegistandan lukmanlar üçin ýörite tanyşdyryş saparlarynyň guralýandygyny, Türkmenistanyň degişli taraplary bu ugurda gyzyklanma bildiren ýagdaýynda şeýle hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen hem ýola goýulyp bilinjekdigini belledi.
“Tourism Malaysia Almaty” merkeziniň direktorynyň aýtmagyna görä, gurama Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde syýahatçylyk pudagynyň wekilleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin özara tanyşdyryş saparlaryny guramagyň mümkinçiligine hem garaýar. Şeýle-de Nor Şazli Azmi bu başlangyjyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürilmegine ýardam edip biljekdigini belledi.













