Aşgabatdaky Türkiýe Medeniýet merkezinde çarşenbe güni Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik gününiň 10 ýyllygyna bagyşlanan hatyra çäresi geçirildi. Bu sene 15-nji iýulda bolup geçen pajygaly wakalarda Türkiýäniň azatlygyny we konstitusion gurluşyny gorap çykyş eden raýatlaryň hatyrasyna her ýyl bellenilýär.
Çäräniň başynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok giriş sözi bilen çykyş etdi. Ol 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynyň Türkiýäniň häzirki zaman taryhynda aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, demokratik institutlary we milli jebisligi goramagyň möhümdigini nygtady.
Şeýle-de ilçi Türkmenistana terrorçylygyň ähli görnüşlerine garşy göreşde bildirýän raýdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa şol çylşyrymly döwürde türk halkyna beren yzygiderli goldawlary üçin hoşallyk bildirdi.
Soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Aragatnaşyk müdirliginiň ýolbaşçysy Burhanettin Duran wideoaragatnaşyk arkaly çärä gatnaşyjylara ýüzlendi. Ol 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky bolup geçen pajygaly wakalaryň Türkiýäniň häzirki zaman taryhynda aýratyn orun eýeleýändigini belläp, demokratik institutlary, milli jebisligi goramagyň, şeýle hem terrorçylyga we häzirki döwrüň beýleki wehimlerine garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady.
Çäräniň resmi bölegi tamamlanandan soň, merhumlaryň hatyrasyna doga-dilegler edildi. Soňra gatnaşyjylar 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky wakalara bagyşlanan fotosergi bilen tanyşdylar.













