Aşgabat şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak ulgamlaryny berkitmek boýunça ýokary derejeli milli “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Duşuşyk ene we çaga saglygyny goramak ulgamynda alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de geljekki ugurlary kesgitlemäge bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, degişli döwlet edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, halkara maliýe guramalarynyň hem-de Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Oguljahan Atabaýewa çykyşynda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamagyň çagalaryň sagdyn ösüşi we jemgyýetiň geljegi üçin möhüm ähmiýete eýedigini belledi. “Ene süýdi bilen iýmitlendirmek ýokary jogapkärçiligi talap edýän özboluşly prosesdir. Zenanlar göwrelilik döwründe, dogum we dogumdan soňky döwürde yzygiderli, ýokary hilli maslahatlary hem-de amaly kömegi almalydyrlar. Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak çagalaryň goraglylygyny, iýmitlenmegini we ösüşini ýokarlandyrýar, eneleriň saglygyny pugtalandyrýar, saglygy goraýşa çykdajylary peseldýär” diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy.
Maslahatda Türkmenistanyň ene we çaga saglygyny goramak boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler, şeýle hem “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2026–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamanyň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Bu maksatnama çaga lukmançylygyny ösdürmäge, keselleri ir ýüze çykarmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmaga, öňüni alyş çärelerini güýçlendirmäge hem-de maşgala institutyny goramaga gönükdirilendir.
Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri hem aýratyn bellenildi. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegine mätäç çagalara kömek berilýär, çylşyrymly operasiýalar geçirilýär, hassahanalaryň çaga bölümleri döwrebap lukmançylyk enjamlary, “Tiz kömek” awtoulaglary we zerur serişdeler bilen üpjün edilýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde çagalaryň dogry iýmitlenmegini üpjün etmek, immunizasiýa maksatnamalaryny ösdürmek, lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmekde jemgyýetçilik habarlylygyny ýokarlandyrmagyň, maşgalalara goldaw hyzmatlaryny giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar.
Oguljahan Atabaýewa duşuşygy jemläp, diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi ilerletmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi we bu ugurda bilelikde hereket etmegiň zerurdygyny nygtady. Ol maslahatyň dowamynda netijeli pikir alşylandygyna ynam bildirdi. Gaznanyň wise-prezidenti ähli milli we daşary ýurtly hyzmatdaşlara işjeň gatnaşandyklary hem-de bu meselä üns berendikleri üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri çagalaryň röwşen geljegi üçin bilelikdäki tagallalary dowam etdirmäge çagyrdy.













