Aşgabatda “Kids Expo 2026” halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Aşgabatda “Kids Expo 2026” halkara sergi-ýarmarkasy açyldy
“Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy, 2026-njy ýylyň 19-njy awgusty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

“TurkmenExpo” kompaniýasy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan “Kids Expo 2026: ähli zat çagalar üçin” atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy çarşenbe güni Aşgabatda öz işine başlady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylary gutlady. “Häzirki iri möçberli sergi-ýarmarka degişli kompaniýalara, bilim merkezlerine we halkara guramalara çagalar üçin niýetlenen hyzmatlaryny we önümlerini, iň täze işläp taýýarlamalaryny hem-de ösüşiň geljegi uly ugurlaryny görkezmäge mümkinçilik berer. Çagalar we olaryň ene-atalary üçin “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy diňe bir giň mümkinçilikleri görkezýän ajaýyp meýdança bolmak bilen çäklenmän, gyzykly bäsleşiklerden we ýaryşlardan ybarat özboluşly baýramçylyga hem öwrüler” diýip, Döwlet Baştutanynyň gutlagynda bellenilýär.

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Sergide Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň, şol sanda Russiýanyň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Eýranyň, Ýaponiýanyň, Polşanyň we ABŞ-nyň köp sanly kompaniýalary öz önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýär. Olaryň hatarynda “Vertera”, “ROXY-KIDS”, “Splat”, “Увелка”, “R.O.C.S.”, “PAOMMA”, “Wee Baby”, “Omo-Oso”, “Sanosan”, “VARTA”, “Kalleh”, “Port de Kalleh”, “Sorima”, “Aetrex” we “Anex” bar. Şeýle hem gatnaşyjylaryň arasynda şu ýyl 90 ýyllygyny belleýän Russiýanyň “Soýuzmultfilm” kinostudiýasy hem bar. Türkmen tarapyna bolsa “Tudana”, “Yupekchi”, “Sanly sowat”, “Sarwan” we “Hasar” kompaniýalary, “AMA Kids” bilim merkezi, “Gala” futbol kluby, Türkmenistanda ÝUNISEF-iň wekilhanasy we beýleki guramalar wekilçilik edýär.

Serginiň maksatnamasynda 19–22-nji awgust aralygynda geçirilýän “KIDS EXPO CHESS CUP 2026” halkara küşt ýaryşy aýratyn orun eýeleýär. Rapid we blis görnüşlerinde geçiriljek bäsleşige 15-den gowrak ýurtdan U8, U10 we U12 ýaş toparlaryndaky ýaş küştçüleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Ýaryşlar Halkara Küşt federasiýasynyň (FIDE) düzgünleri boýunça geçiriler. Bäsleşiklerden başga-da, serginiň çäginde erkin oýun zolagy, ussatlyk sapaklary, okuw çäreleri, tanyşdyryşlar guralar we küşt boýunça sorag jogap alyşylar.

Esasy interaktiw meýdançalaryň biri STEM zolagy bolup, bu ýerde biologiýa, himiýa we ekologik inženerçilik boýunça ylmy çykyşlar, şeýle hem “Minecraft Education” we mehaniki konstruksiýalar boýunça ussatlyk sapaklary geçirilýär. Mundan başga-da planetariýde “NASA Space Apps Challenge” maksatnamasy hödürlenýär, çagalar bolsa “Dash” robotlary bilen interaktiw sapaklara gatnaşyp bilýärler. Art-zonada bolsa surat çekmek, keramika, heýkeltaraşlyk, bezeg işleri we tikinçilik boýunça ussatlyk sapaklary geçirilýär. Şeýle hem ene-atalar üçin çagalaryň ösüşi we durmuş ýörelgeleri boýunça okuw maslahatlary guralýar. Mekdep ýarmarkasynda bolsa täze okuw ýylyna taýýarlyk üçin zerur harytlar hödürlenýär.

Aýratyn çäreleriň biri türkmen kompaniýasy “MenzilMekan Animation” tarapyndan döredilen ilkinji 3D animasion serial — “Menekliler” taslamasynyň tanyşdyrylyşy bolar. Serialyň gahrymanlary dürli başdan geçirmelere gatnaşyp, ýaş tomaşaçylary dostluk, kömek, özara hormat we hoşniýetlilik ýaly gymmatlyklar bilen tanyşdyrýar. Şeýle hem sergä gatnaşýanlara täze türkmen animasion taslamasyny ilkinji bolup görmäge mümkinçilik beriler.

“Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy 2026-njy ýylyň 22-nji awgustyna çenli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde dowam eder.

2022