Pakistanyň işewür toparlarynyň we resmi edaralarynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen “Aýdyň Gijeler” kompaniýasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada kompaniýa şenbe güni habar berdi.
Myhmanlar kärhananyň önümleriniň görkezilýän sergi zalyna aýlanyp, bu ýerde hödürlenýän önümleriň arasynda kabel önümlerine, plastik kartlara, şeýle hem telewizorlara we planşetlere uly gyzyklanma bildirdiler.
Saparyň netijeleri boýunça taraplar geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we bilelikdäki işleriň täze ugurlaryna garamaga taýýardyklaryny bellediler.
2016-njy ýylda esaslandyrylan “Aýdyň Gijeler” kompaniýasy işine LED çyralaryny öndürmekden başlap, häzirki wagtda önümleriň 60-dan gowrak görnüşini öndürýär. Olaryň hatarynda noutbuklar we planşetler, bank we SIM kartlary, şeýle hem ýol yşyklandyryjylary, ýol belgileri, germewler we köçe çyralary ýaly ýol infrastrukturasynyň elementleri bar. Şeýle hem kompaniýa başlangyç synp okuwçylary üçin niýetlenen noutbuklary hem öndürýär.













