Türkmen dizaýnerleri Pariždäki moda sergisinde lybaslaryny tanyşdyrdylar

Türkmen dizaýnerleri Pariždäki moda sergisinde lybaslaryny tanyşdyrdylar
“Who’s Next” halkara hünär moda sergisi, 2026-njy ýylyň 5-7-nji sentýabry, Pariž, Fransiýa (Surat: Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy)

Pariž şäherinde 5–7-nji sentýabr aralygynda geçirilen “Who’s Next” halkara hünär moda sergisine türkmen dizaýnerleri we brendlerinden “Desert Heritage”, “Binaym”, “AYM” brendleri we Mukaddes Ibragimowa gatnaşyp, öz täze kolleksiýalary bilen tanyşdyrdylar. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär.

Serginiň çäklerinde 2–5-nji sentýabrda türkmen telekeçileri üçin Pariže tanyşlyk sapary guraldy. Olar saparyň dowamynda “Texworld”, “Premiere Vision” we “Who’s Next” ýaly öňdebaryjy dokma we moda sergilerine baryp gördüler.

Şeýle hem gatnaşyjylara garaşsyz butikleriň, uniwersal dükanlaryň, giň sarp edijiler üçin niýetlenen dükanlaryň we medeni edaralaryň işi bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik dünýäniň moda we dokma pudagyndaky häzirki meýiller, täze materiallar we tehnologiýalar, Ýewropa bazarynyň önümleri bilen tanyşdyrmagyň amaly usullary barada tejribe toplamaga giň mümkinçilik berdi.

Türkmen brendleriniň “Who’s Next” sergisinde hödürlän özboluşly kolleksiýalary Italiýa, Fransiýa, Ispaniýa ýaly birnäçe ýurduň hünärmenleriniň ünsüni özüne çekdi. Şeýle hem sergä gatnaşyjylary önümler bilen ýakyndan tanyşdyrmagyň, brendiň bazardaky ornuny kesgitlemegiň, sergi diwarlygyny bezemegiň we alyjylar bilen işleşmegiň häzirki zaman usullaryny iş ýüzünde öwrenmäge uly mümkinçilik berdi.

Türkmen dizaýnerleriniň we brendleriniň sergä gatnaşmagy “Türkmenistan: Söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa” taslamasynyň çäginde Halkara Söwda Merkeziniň goldawy bilen guralyp, bu başlangyç Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär. Pariždäki "Who’s Next" sergisinde täze kolleksiýalaryň görkezilmegi türkmen dokmaçylyk däplerini we häzirki zaman dizaýn çözgütlerini halkara tomaşaçylara tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi.

“Türkmenistan: Söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa” taslamasy işewürlik gurşawyny gowlandyrmak we kiçi hem-de orta kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we Türkmenistanda ykdysady ösüşe goşant goşmagy maksat edinýär. Şeýle hem bu taslama Türkmenistanyň sebitleýin we ählumumy söwda, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen söwda gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagyna ýardam etmegi göz öňünde tutýar.

2022