Futbol boýunça Ispaniýanyň 2027-nji ýyldaky Superkubogy 2–6-njy fewral aralygynda Stambulda geçiriler. Bu ýaryş ozal Ispaniýanyň çäginden daşarda, Marokkoda we Saud Arabystanynda geçirilip, Türkiýe bu ýaryşy ilkinji gezek kabul eder. Bäsleşikde “Barcelona”, “Atletiko Madrid”, “Real Sosiedad” we “Real Madrid” toparlary duşuşarlar. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet we syýahatçylyk bölümi habar berdi.
Ýaryşy guramak baradaky ylalaşyklara 17-nji sentýabrda Stambulda Türkiýäniň Futbol federasiýasynyň Hasan Dogan adyndaky toplumynda gol çekildi. Dabara Türkiýäniň Ýaşlar we sport ministri Osman Aşkın Bak, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň prezidenti Nejmeddin Bilal Erdogan, Saud Arabystanynyň Baş güýmenje edarasynyň başlygy Turki Alalşih, Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasynyň prezidenti Rafael Lusan we Türkiýäniň Futbol federasiýasynyň prezidenti İbrahim Ethem Hacıosmanoğlu gatnaşdy.
Ýaryşyň çäklerinde iki ýarym final we final duşuşygy geçiriler we 2-nji fewralda bolsa “Barcelona” bilen “Atletiko Madrid” “Chobani Stadium Fenerbahçe Şükrü Saracoğlu Sports Complex” stadionynda güýç synanşarlar. 3-nji fewralda “Real Madrid” bilen “Real Sosiedad” “Tüpraş Stadium” stadionynda duşuşarlar. Final duşuşygy bolsa 6-njy fewralda “Ali Sami Yen Sports Complex — RAMS Park” stadionynda geçiriler.
Ispaniýanyň Superkubogy 2020-nji ýyldan bäri dört toparyň gatnaşmagynda “dört toparly final” görnüşinde geçirilýär. Ýaryş Stambuldaky 48 müň tomaşaça niýetlenen "Chobani Stadium", 42 müňden gowrak tomaşaça niýetlenen "Tüpraş Stadium" we 53 müňden gowrak tomaşaça niýetlenen "RAMS Park" stadionlarynda geçiriler.
Stambul ozal UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2005-nji we 2023-nji ýyllardaky finallaryny, şeýle hem UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň 2026-njy ýyldaky finalyny kabul etdi.










