"TIF 2026"-nyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlyk boýunça resminamalara gol çekildi

"TIF 2026"-nyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlyk boýunça resminamalara gol çekildi
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Niderlandlaryň "Damen Workboats B.V." we "Liamol Trading GmbH" kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekmek dabarasy, (Surat: BT)

Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň (TIF 2026) çäklerinde Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan birnäçe resminama gol çekildi. Bu barada foruma gatnaşýan "Biznes Türkmenistan" internet neşiriniň habarçysy habar berýär.

Forumyň ilkinji gününde gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň "OnU H&C" jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, şeýle hem Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň "CSCEC International Construction Co., Ltd." kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Niderlandlaryň "Damen Workboats B.V." we "Liamol Trading GmbH" kompaniýalarynyň arasynda hem suw hojalygy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, suw desgalarynyň düýbüni çuňaltmak, kömekçi gämiler flotuny abat saklamak we ony kämilleşdirmek ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekildi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň "Türkmenhimiýa" döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň "Tianjin Bohua Engineering Co., Ltd." kompaniýasynyň arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek boýunça hem hyzmatdaşlyk hakynda hem Ähtnama baglaşyldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň "Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen "Damen Technical Cooperation B.V." hem-de "Liamol Trading GmbH" kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama gol çekildi. Bu Ähtnama 2026–2036-njy ýyllar üçin Türkmenistanda gämi gurluşygy, gämi abatlaýyş, deňiz açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň tehnologiýalary we ýerli önümçilik babatda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem "Turkmennebit" döwlet konserni bilen Germaniýanyň "Hybrid Innovation GmbH"  kompaniýasynyň arasynda TNGZIT-de poddon öndürýän önümhananyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Şertnama, "Türkmenhimiýa" döwlet konserni bilen "Türkmen enjam" hojalyk jemgyýetiniň arasynda"Tejenkarbamid" zawodyny bökdençsiz işletmek üçin şertnamalar baglaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС