Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 7-nji oktýabrda iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinde özbek Liderini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, 8-nji oktýabrda Mirziýoýew Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygyna, 9-njy oktýabrda bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşar.
Habarda bellenilişi ýaly, meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem ençemesi geçiriler.








