Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew iş sapary bilen Türkmenistana geldi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew iş sapary bilen Türkmenistana geldi
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde. 2026-njy ýylyň 7-nji oktýabry. (Surat: “Akorda”)

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çarşenbe güni iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada THP habar berýär.

Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde Gazagystanyň Liderini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Mundan ozal Türkmenistanyň resmi habar beriş serişdeleri  Kasym-Žomart Tokaýewiň saparynyň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygyna, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de Hazar ekologiýa sammitine gatnaşjakdygyny habar beripdi.

Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanda 8–9-njy oktýabrda iş saparynda bolar.

2022
ENG TM РУС