Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň prezidentleri sapar bilen Türkmenistana geldiler

Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň prezidentleri sapar bilen Türkmenistana geldiler
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabry. (Surat: Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana geldiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň liderlerini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Habarda bellenilişe ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy 8-nji oktýabrda, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi bolsa 9-njy oktýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Sadyr Žaparow iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary hem geçirer.

2022
ENG TM РУС