Aşgabatda 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlan “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylary gutlady. Döwlet Baştutany gutlag hatynda “Häzirki döwürde ýurdumyzda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu işler döwrebap düzümleri döretmäge, ynsan saglygyny, bagtyýar we abadan durmuşy pugtalandyrmaga, ylymly-bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmäge, sagdyn durmuş kadalaryny, köpçülikleýin sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilendir.” diýip belleýär.
Forum degişli ministrlikler, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralyp, 10-12-nji oktýabr aralygynda dowam eder. Bu iri halkara çäre ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň, alymlaryň hem-de hünärmenleriň gatnaşmagynda tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin halkara meýdança bolup hyzmat edýär.
Forumyň maksatnamasyna laýyklykda sergi bilen bir hatarda bilermenleriň maslahatlary, ussatlyk sapaklary, şeýle hem B2B we B2G göni işewürlik gepleşiklerini geçiriler. Gatnaşyjylar öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga, innowasion çözgütleri tanyşdyrmaga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklary baglaşmaga mümkinçilik alarlar.
Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça geçirilýän forumyň esasy ugurlarynyň hatarynda saglygy goraýyşda we bilimde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, sport lukmançylygyny ösdürmek hem-de iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görmek bar. Çäräniň çäklerinde geçirilýän ylmy maslahatda hünärmenler kardiologiýa, hirurgiýa, okatmagyň innowasion usullary we sanly çözgütleriň ulanylyşy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.









33451-90x604.png)



