Aşgabatda 30-dan gowrak hindi kompaniýalarynyň gatnaşmagynda işewürlik duşuşygy geçirildi

Aşgabatda 30-dan gowrak hindi kompaniýalarynyň gatnaşmagynda işewürlik duşuşygy geçirildi
Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan işewürlik duşuşygy, 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Aşgabatda 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda 30-dan gowrak hindi kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we iş dolandyryjylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlanan işewürlik duşuşygy geçirildi. Duşuşyk senagat, derman senagaty, oba hojalygy, ulag, bank işi we gurluşyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn söwdany hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegine bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Çäräni Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen birlikde hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady. Duşuşyga Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Bandaru Wilsonbabu, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Azat Nazarow, hindi diasporasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda ilçi Bandaru Wilsonbabu hindi maýadarlarynyň türkmen bazaryna bolan gyyzklanmalaryny belläp, Hindistanyň “giňeldilen goňşuçylyk” syýasatynyň çäklerinde Türkmenistana dostlukly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýtdy. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky taryhy, medeni we siwilizasion arabaglanyşyklaryň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin esas bolup durýandygyny nygtady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Azat Nazarow öz çykyşynda özara söwdanyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň we täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara topary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň esasy mehanizmleriniň biridir. Iki ýurduň arasyndaky ykdysady toparyň işi özara ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС