“OGT 2026”-da nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça resminamalara gol çekildi

“OGT 2026”-da nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça resminamalara gol çekildi
“Türkmennebit” döwlet konserni bilen Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy, 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TEF)

“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026” (OGT 2026) atly halkara maslahaty we sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we önümçilik zerurlyklary üçin enjamlary satyn almaga degişli resminamalar toplumyna gol çekildi. Bu barada çärä gatnaşýan "Biznes Türkmenistan" internet neşiriniň habarçysy habar berýär.

Maslahatyň çäginde gol çekilen resminamalaryň hatarynda “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli deňiz nebit korporasiýasynyň (CNOOC) arasynda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki toplumlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bar.

Şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasynyň arasynda Türkmenistanda nebitgaz hyzmatlary we enjamlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama baglaşyldy.

Dürli görnüşli we ölçegli turbalary satyn almak boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Özbegistanyň “Galperin adyndaky Daşkent zawody” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň bilelikdäki kärhanasynyň arasynda , şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Hytaýyň “TENERGY TIANJIN CO., LTD” kompaniýasynyň arasynda şertnamalara gol çekildi.

Mundan başga-da, "Türkmennebit"" döwlet konserni bilen Gazagystan Respublikasynyň "KSP Steeľ" jogapkärçiligi çäkli şereketi arasynda sepsiz oturtma turbalary satyn almak barada Șertnama baglaşyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022