Türkmen wekiliýeti Päkistanda dini bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri geçirdi

Türkmen wekiliýeti Päkistanda dini bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri geçirdi
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymam Ýalkap Hojagulyýewiň Päkistanyň dini bilim edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry (Surat: Türkmenistanyň Päkistandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň “Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymam Ýalkap Hojagulyýewiň ýolbaşçylyk etmeginde türkmen wekiliýeti 26–27-nji oktýabrda Päkistanda saparda bolup, ýurduň dini we bilim edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirdi. Taraplar duşuşyklarda dini hünärmenleri taýýarlamak we dini bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Päkistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Saparyň birinji gününde “Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymam Ýalkap Hojagulyýew Päkistanyň Din işleri we dinara sazlaşyk boýunça ministrliginiň federal sekretary Ibrar Ahmad Mirza, Päkistanyň Yslam ideologiýasy geňeşiniň başlygy Muhammad Raghib Hussain Na’eemi hem-de Päkistanyň Ýokary bilim komissiýasynyň agzasy Şafik ur Rehman bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda Türkmenistanda dini we milli däp-dessurlary gorap saklamak, raýatlaryň dini borçlaryny we däp-dessurlaryny berjaý etmegi üçin döredilýän şertler barada maglumat berildi. Şeýle hem Arkadag şäherinde gurulýan we bir wagtyň özünde 30 müň adama niýetlenen “Arkadagyň Ruhy metjidi”, metjidiň ýanynda gurulýan ýokary dini okuw mekdebi barada bellenip geçildi.

Saparyň ikinji gününde türkmen wekiliýeti Yslamabatdaky Halkara Yslam uniwersitetiniň prezidenti professor Ahmed Saad Alahmed, uniwersitetiň Da’wah akademiýasynyň baş direktory, Faisal metjidiniň baş ymamy we hatyby professor Muhammad Ilýas, şeýle hem Päkistanyň Bilim we hünär taýýarlygy ministrliginiň Dini bilim müdirliginiň baş direktory Gulam Kamar bilen duşuşdy.

Gepleşiklerde iki ýurduň arasynda dini bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýokary derejeli dini hünärmenleri taýýarlamak meselelerine garaldy. Taraplar özara tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Saparyň çäginde türkmen wekiliýeti Halkara Yslam uniwersitetiniň merkezi dolandyryş edarasyna, Faisal metjidine we “Muhammadiýýa” medresesine baryp gördi. Wekiliýet bu merkezleriň taryhy we dini-jemgyýetçilik ähmiýeti, medresedäki okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy hem-de yslam hukugynyň öwredilişi bilen tanyşdy.

Duşuşyklaryň dowamynda taraplar dini bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС