Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň we degişli ministrlikleriniň wekilleri metan zyňyndylaryny ölçemegiň we gözegçilikde saklamagyň usullaryny, şeýle hem olary azaltmagyň tehnologiýalaryny öwrenmek maksady bilen Beýik Britaniýada saparda boldular. Tanyşlyk sapary Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýeti (GIZ) tarapyndan bilelikde guraldy. Bu barada çarşenbe güni Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
Türkmen wekiliýetiniň düzüminde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Energetika, Daşky gurşawy goramak we Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri bar.
Saparyň dowamynda wekiliýet Londonda, Aberdinde, Piterhedde we Tissaýdda Beýik Britaniýanyň hökümetiniň bilermenleri, alymlar we pudak hünärmenleri bilen duşuşdy hem-de metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça iş ýüzünde ulanylýan çözgütler bilen tanyşdy.
Şeýle hem olar metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça alnyp barylýan işler, metanyň mukdaryny ölçemek we hemra arkaly zyňyndylara gözegçilik etmek, metanyň gözegçiliksiz howa goýberilmeginiň öňüni almak hem-de gazy fakelde ýakmagy dolandyrmak boýunça Beýik Britaniýanyň tejribesini öwrendi. Maksatnamanyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň Energetika howpsuzlygy we nol zyňyndylar ministrligine (DESNZ) we beýleki döwlet edaralaryna, Royal Holloway uniwersitetiniň parnik gazlaryny öwreniş toparyna, “Offshore Energies UK” guramasyna, “Score Group” kompaniýasyna, “St Fergus” we CATS gaz terminallaryna, şeýle hem “GHGSat” we “BP” kompaniýalaryna baryldy.













