Türkmenistan bilen Saud Arabystany 2027-nji ýylyň haj zyýaraty boýunça ylalaşdylar

Türkmenistan bilen Saud Arabystany 2027-nji ýylyň haj zyýaraty boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň müftüsi Rahman Gurbanmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasyndaky duşuşygy, 2026-njy ýylyň 8-11-nji noýabry (Surat: Türkmenistanyň Saud Arabystandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň müftüsi Rahman Gurbanmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 8–11-nji noýabry aralygynda Jidda şäherinde geçirilen VI Haj we umra maslahaty hem-de sergisine gatnaşdy. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2027-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň Saud Arabystandaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar 2027-nji ýylyň haj möwsüminde täze hyzmatlary we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, myhmanhana üpjünçiligi we ulag meselelerini çözmek, zyýaratçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de olar üçin amatly şertleri döretmek boýunça pikir alyşdylar.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň müftüsi Rahman Gurbanmyradow 10-njy noýabrda Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we Umra ministriniň orunbasary doktor Abdulfattah bin Süleýman Maşat bilen duşuşdy. Duşuşykda 2027-nji ýylda Türkmenistanyň raýatlarynyň haj zyýaratyny guramak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Rahman Gurbanmyradow Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we Umra ministri doktor Tawfik bin Fawzan Al-Rabiýa bilen hem hormat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda haj möwsüminde zyýaratçylaryň haj parzlaryny berjaý etmegi bilen bagly meselelere garadylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022