COP31-iň çäklerinde Türkmenistan birnäçe halkara guramalar bilen resminamalara gol çekdi

COP31-iň çäklerinde Türkmenistan birnäçe halkara guramalar bilen resminamalara gol çekdi
Türkmenistanyň we ÝUNIDO-nyň arasynda gidrohlorftoruglerodlardan tapgyrlaýyn ýüz öwürmek meýilnamasynyň III tapgyryny durmuşa geçirmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek dabarasy. 2026-njy ýylyň 11-nji noýabry, Antalýa, Türkiýe. (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmak üçin Türkiýä amala aşyran iş saparynyň dowamynda halkara guramalar bilen birnäçe ylalaşyga we hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekildi. Gol çekilen resminamalar howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri, energetika geçişini, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Hususan-da, Türkmenistanyň bilim ministry bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda Çagalar, ýaşlar we howa boýunça hereketler hakynda Jarnama gol çekildi. Gol çekmek dabarasyna ÝUNISEF-iň Howa we daşky gurşaw boýunça ählumumy tejribe ugrunyň direktory, ÝUNISEF-iň “COP31” maslahatyndaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy Gernot Laganda hem-de ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna gatnaşdy. Şeýle hem BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) bilen “Türkmenistanda 2026–2030-njy ýyllar üçin gidrohlorftoruglerodlary dolanyşykdan tapgyrlaýyn çykarmak boýunça guramaçylyk işiniň meýilnamasy — III tapgyrynyň taslamasyny ýerine ýetirmek üçin Ylalaşyga gol çekildi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Energetika ministrligi bilelikde (UNDP) “Türkmenistanyň uzakdaky ilatly nokatlarynda energiýa geçişini goldamak” atly taslama resminamasyna gol çekdiler. Gol çekilen resminamalaryň hataryna BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Türkmenistanyň 2026–2030-njy ýyllar üçin maksatnamasy hem girýär.

Hyzmatdaşlygyň aýratyn bir ugry suw serişdelerini dolandyrmak bilen baglanyşykly bolup, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Halkara suw serişdelerini dolandyrmak instituty bu ugurda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

2022