Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy GDA ýurtlarynyň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy GDA ýurtlarynyň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 19-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: Türkmenistanyň Mejlisi)

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa penşenbe güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Belarusyň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.

Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçirilen duşuşykda iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmek, halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmak, milli hukuk ulgamlaryny ýakynlaşdyrmak we özara hukuk kömeginiň mehanizmlerini kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky parlamentara dialogy ösdürmegiň we parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ähmiýeti nygtaldy. Taraplar parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmak, şeýle hem zenan we ýaş parlamentarileriň, ugurdaş komitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garadylar.

Mundan başga-da, Gyrgyzystanyň Žogorku Keneşiniň Toragasy Marlen Mamataliýew, Täjigistanyň Oliý Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň başlygy Faýzali Idizoda we Belarusyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Igor Brilewiç bilen geçirilen duşuşyklarda hem parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, halkara parlament meýdançalarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we özara saparlary guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklarda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň güýzki maslahatynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi. Şeýle hem halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmak we GDA ýurtlarynyň milli hukuk ulgamlarynyň özara sazlaşygyny kämilleşdirmek meselelerine üns çekildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022