Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň ýolbaşçysy Döwran Saburow Ýaponiýanyň birnäçe edaralarynda bolup, iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak, şeýle-de syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça özara bähbitli meseleler barada gepleşik geçirdi.

Ýaponiýanyň Transport, infrastruktura, ýer we syýahatçylyk ministrliginiň Graždan awiasiýasy býurosynyň direktory bilen geçirilen duşuşykda Aşgabat bilen Tokionyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada hem maslahat edildi.

2022