Marydaky sergä owgan telekeçileri gatnaşdy

Sişenbe güni Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana 3 günlük sapara geldi.

Owganystan Yslam Respiblikasynyň Hyrat welaýatynyň häkimi Abdul Kaýum Rahiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň guran saparynyň maksady Mary welaýaty bilen Owganystanyň Hyrat welaýatynyň arasynda ykdysady we medeni taýdan özara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasy bilen Mary welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda “Mary” myhmanhanasynda dostlukly duşuşyk boldy. Myhmanhanada Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew bilen Hyrat welaýatynyň häkimi Abdul Kaýum Rahimini duşuşdylar. Soňra iki welaýatyň wekiliýetleri myhmanhanada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň guramagynda ýerli telekeçilerimiziň, hususy kärhanalaryň öndürýän ýokary hilli önümlerinden guralan sergä syn etdiler.

“Täze aý”, “Erkin gurluşyk”, “Halal dogan”, “Lälezar zaman”, “Miweli ülke” hususy kärhanalarynyň öndürýän azyk, senagat, gurluşyk, durmuşda ulanylýan dürli harytlarynyň ýüzlerçe görnüşleri sergä syn edýänleriň ünsüni özüne çekdi.

“Ýüpekçi” hojalyk jemgyýetiniň öndürýän miwe şireleri, “Röwşen” hususy kärhanasynyň dürli ölçegdäki aýakgap önümleri, “Şa tumar” hususy kärhanasynyň ýuwujy serişdeleri bilen bir hatarda täzelikde öndürilip başlanan ysly atyrlary, welaýatymyzyň oba hojalykçylarynyň ýetişdirýän gök-bakja, miwe, ir-iýmişleri, desterhanlaryň bezegi-berekedi bolan dürli görnüşli önümler sergä tomaşa edenleriň gözüni eglendirdi.

Köptaraply sergä çykarylan dürli önümler, naz-nygmatlar barada owganystanly myhmanlar, işewürler öwgä mynasyp sözler aýdyp, eksporta ugradylmaga mynasypdygyny nygtadylar. Öz gezeginde türkmen hususyýetçileri öndürýän önümleriniň görnüşleri, hili, taýýarlanyş usuly, içerki hem daşarky bazarlarda islegli haryda öwrülýändigi hakynda myhmanlara gürrüň berdiler myhmanlary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdiler. Bir söz bilen aýdylanda, telekeçilerimiziň öndürýän ähli önümlerine Owganystan tarapy – işewürler ýokary baha berdiler, geljekde ýurduň bazarlaryny Türkmenistanda öndürilen önümler bilen baýlaşdyrjakdyklaryny aýtdylar. 

Duşuşygyň barşynda iki welaýatyň häkimleriniň we wekiliýetleriniň gatnaşmagynda myhmanhananyň mejlisler zalynda bu welaýatlaryň arasynda ykdysady, medeni, söwda-telekeçilik, sport we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek, iki welaýatyň arasynda dostlukly saparlary guramak boýunça gürrüňdeşlik geçirildi.

Taraplara bähbitli bolan bu gürrüňdeşligiň dowamynda iki dostlukly halkyň – türkmen-owgan halkynyň, şeýle-de Mary welaýaty bilen Hyrat welaýatynyň arasynda ykdysady, medeni, ynsanperwer ugurlarda dostlukly hyzmatdaşlygy berkitmek, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça şertnama baglaşyldy. Munuň özi türkmen-owgan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Myhmanlara türkmen tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Saparyň dowamynda owganystanly myhmanlar “Gadymy Merw” taryhy medeni döwlet goraghanasynda bolup, halkymyzyň şanly geçmişinden habar berýän gadymy galalara, aramgählere aýlandylar.

“Maru – şahu jahan” gazetiniň habarçysy Aýjan ABDYÝEWA 
“Biznes Türkmenistan” üçin taýýarlady.

Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.