Söwda nokatlarynda “Mekdep bazarlary” açyldy

Söwda nokatlarynda “Mekdep bazarlary” açyldy

Penşenbe güni Türkmenistanyň dürli künjeklerinde, şeýle hem paýtagtdaky söwda merkezleridir bazarlarda mekdep esbaplaryny satýan “Mekdep bazarlary” açyldy. Däp boýunça okuw möwsüminiň başlanmagyna bir aý galanynda açylýan bu bazarlaryň nobatdakysy sentýabr aýynyň 5-ne çenli öz işini dowam eder.

Ýöriteleşdirilen “Mekdep bazarlarynda” Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümleri agdyklyk edýär. Ýaşyl we ak köýnekler, tahýalar, dürli görnüşli mekdep torbalary, depderdir gündelikler we beýleki mekdep esbaplary bu bazarlaryň esasy harytlary bolup durýar.

2022