Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde Magtymguly şaýolunyň ugrunda Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda meýilleşdirilen köpgatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Binalaryň daşyny mermer bilen gaplamak işlerine başlandy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyrylan bu taslamalar umumy meýdany 35 gektar bolan ýerde gurulýar.
Baş meýilnama laýyklykda, bu ýerde 1008 hojalyga niýetlenen 10 sany 12 gatly 72 öýli we 6 sany 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlary bina ediler. Bu ýaşaýyş jaýlarynda üç otagly öýleriň 442-si, dört otagly öýleriň 382-si hem-de bäş otagly öýleriň 184-si ýerleşer. Şeýle hem 6 sany ýerasty pyýada geçelgelerini, umumy uzynlygy 5 564 metr bolan ýollary gurmak meýilleşdirilýär.
2018-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanşypdy. Şol ýylyň mart aýynda bolsa gurluşyk işlerine başlandy. Bu ýerde gurulýan binalaryň 2020-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli tamamlanmagyna garaşylýar.