Aşgabatlylar koreý lybasy “Hanbok”-y geýip görmäge mümkinçilik tapdylar

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilýän “Koreý hepdeliginiň” çäklerinde sişenbe güni “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezinde koreý milli “Hanbok” lybasyny geýip görmek dabarasy boldy. Çäräniň dowamynda Aşgabadyň ýaşaýjylary koreý eginbaş medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik tapdylar.

Ilçihananyň geňeşçisi Jepil Mun “Biznes Türkmenistanyň” habarçysy bilen eden söhbetdeşliginde, esasan hem, ýaşlaryň arasynda koreý medeniýetine gyzyklanma bildirýänleriň köpdügine ünsi çekdi. Türkmen milli lybaslary bilen “Hanbok”-yň arasynda reňk ulanylyşy taýdan meňzeşlikleriň bardygyny bellän Mun häzirki wagtda Koreýa Respublikasynda bu lybasyň häzirki zamana gabat getirilip tikilýändigini aýtdy.