“Aroma” türkmen bazaryna girdi

“Aroma” türkmen bazaryna girdi

Bolgariýanyň iň uly şahsy arassaçylyk serişdelerini öndürýän “Aroma” kompaniýasynyň önümleri türkmen bazaryna girdi. Kompaniýanyň Türkmenistandaky resmi dileri ýakynda “Aroma” önümleriniň üçünji tapgyryny getirmäge taýýarlanýandyklaryny aýtdy.

Häzirki wagta uly we kiçi göwrümli birnäçe söwda merkezlerinde “Aroma” arassaçylyk serişdeleriniň satylýandygyny beýan eden diler şampun we sabynlar bilen bir hatarda agyz boşlugyna niýetlenen arassaçylyk serişdelerine islegiň ýokarydygyny belläp geçdi.

1924-nji ýylda açylan “Aroma” kompaniýasy 1940-njy ýyllarda Bolgariýanyň esasy parfýum we kosmetika öndürijileriniň hataryna goşulýar. Geçen asyryň ortalaryna diş pasta we saç boýaglaryny öndürmäge başlan kompaniýa 1980-nji ýyllarda dünýäniň 38 ýurduna önüm satyşyny ýola goýýar. Häzirki wagtda “Aroma”-nyň önümçiliginiň 70 göterimi eksport edilýär.

“Aroma” 2012-nji ýylda täze önümçilik zawodynyň gurluşygyna 6 million ýewro maýa goýum serişdesini goýberdi. Kompaniýanyň bu önümçilik binasy GMP, BRC we “Nordic Ecolabel” halkara standartlaryna gabat gelýär.

“Aroma” kompaniýasynyň önümleriniň aglaba bölegi tebigatdan ylham alnyp öndürilýär.

Kompaniýa “Astera” haryt nyşanly diş pastalaryň, arassalaýjy suwuklyklaryň, diş arassalaýjy ýüpleriň we çagalar üçin niýetlenen diş pastalaryň birnäçe görnüşini hödürleýär. “Astera”-nyň “Parodont” ady bilen bazara çykaran diş pastalaryny ulanan müşderiler kompaniýanyň özüne mahsus patentli arassalaýyş ulgamyny barlap görmäge mümkinçilik tapýar.

“Aroma” kompaniýasy bäbekler üçin niýetlenen organik şampunlary, gelleri we dürli kremleri “Zdrave” haryt nyşany bilen öndürýär. Kokos ýagy, günebakar ýagy, palma ýagy we aloe wera ýapragynyň şiresinden öndürilýän bu önümler organik we tebigy önümleriň halkara standarty bolan COSMOS tarapyndan sertifikatlaşdyrylan. Mundan daşary kompaniýa bäbegiň bedenine zyýan ýetirmejek dürli görnüşli arassaçylyk serişdelerini “Happy Baby” haryt nyşany bilen hem öndürýär.

Umumy ulanylyşa niýetlenen şampunlaryň we duş gelleriniň aglaba bölegi “Aroma” haryt nyşany bilen isleg bildirýänlere ýetirilýär. Dürli görnüşli miweler we güllerden ylham alynyp öndürilen bu önümler bedene täsir ýetirýän himiki serişdelerden arassalygy bilen tapawutlanýar.

“Aroma” kompaniýasy saç boýaglaryny “Kolora” we “Color” haryt nyşanlary bilen öndürýär. Düzüminde saç üçin peýdaly protein bolan suwuk keratini we tebigy konsentratlardan ýasalýan rejenini saklaýan “Kolora” boýaglary zeper ýeten saçlary täzeden dikeldýär, saçy has hem berkidýär.

“Color” boýaglary öndürilende saça ýetirýän zeperini aradan aýyrmagyň üstünde aýratyn durulýar. “Aroma” kompaniýasy bu saç boýaglaryny “hozlaryň şa zenany” diýlip bilinýän makadamiýa hozunyň ýagyny ulanmak arkaly amala aşyrýar. Makadamiýa hozunyň ýagy saçy boýamak prosesinde saçlary goraýar, şeýle hem has öwüşgünli bolmaklaryny gazandyrýar.

Kompaniýa erkekleriň ýüz arassaçylygy üçin niýetlenen önümleri “Viking” haryt nyşany bilen hödürleýär.

2022