Aşgabatda halkara energetika sergisi başlady

Aşgabatda halkara energetika sergisi başlady

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergisi penşenbe güni öz işine başlady.

11-nji gezek geçirilýän energetika sergisi Türkmenistanyň Energetika ministrligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen “Net Organization” tarapyndan gurnalýar. Sergide ýerli önüm öndüriji we energetika desgalaryny gurujy kompaniýalar bilen bir hatarda Türkmenistanda hereket edýän daşary ýurt kompaniýalary hem öz önümlerini we ýerine ýetiren taslamalaryny görkezýär.

Adaty energiýa serişdelerine niýetlenen önümlerden başlap gündelik ulanylýan önümleri öndürijileriň gatnaşýan sergisinde Gün we ýel energiýasyny öndürýän gurnamalar babatynda iş alyp barýan ýerli kompaniýalar hem bar.

Transformatorlar, kabel önümleri, yşyklandyryş ulgamlary, ýokary woltly paneller, bina elektrik ulgamlary, energiýany tygşytlaýan tehnologiýalar, elektrik energiýasyny ölçeýji gurallar sergide görkezilýän esasy önümleriň arasynda.

2022