Aşgabatda neşir önümleriniň halkara sergisi geçirildi

Aşgabat şäherinde “Kitap – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XIII halkara kitap sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahatyna hususy pudagyň wekilleri hem işjeň gatnaşdy.

5-6-njy noýabrda geçen foruma dünýäniň 16 döwletinden metbugat öýleriniň we neşirýat kärhanalarynyň, işewür hem-de edebi toparlaryň, ylym we bilim merkezleriniň wekilleri, belli ýazyjylar, alymlar, terjimeçiler, kitaphana işi, IT-tehnologiýalar boýunça hünärmenler, žurnalistler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň edara-kärhanalarynyň 60-a golaýy sergide ýurduň neşirýat senagatynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, dürli neşir önümleriniň giň toplumyny görkezdiler.