Türkmenistanyň bilim we sport ulgamynda gazanan üstünlikleri Aşgabatda sergilenýär

Türkmenistanyň bilim we sport ulgamynda gazanan üstünlikleri Aşgabatda sergilenýär

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda penşenbe güni “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergi hem-de ylmy maslahaty açyldy. 

Sergä we ylmy maslahata alymlar we professorlar, iri halkara sport guramalarynyň wekilleri, iň häzirki zaman kompýuterlerini, barlaghana enjamlaryny, mekdep mebellerini, okuw-görkezme esbaplaryny, sport lybaslaryny we esbaplaryny öndürýän, programma üpjünçiligini taýýarlaýan meşhur kompaniýalar gatnaşýar. Şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlary öz mümkinçiliklerini görkezýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylara iberen gutlagynda serginiň we ylmy maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we giňeltmekde, özara tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýandygyny nygtady.

“Häzirki zaman şertlerini we Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň geljegini nazara alyp, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda bilim hem-de sport ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça milli maksatnamalarymyzy hem-de bu ugurdaky toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris” diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda aýdylýar.

Sergi 15-nji noýabr sagat 15.00-a çenli öz işini dowam etdirer.

 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022