Türkmen kompaniýalary Özbegistanda gurluşyk harytlarynyň sergisine gatnaşýar

Türkmen kompaniýalary Özbegistanda gurluşyk harytlarynyň sergisine gatnaşýar

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde sişenbe güni başlan “UzBuild 2020” halkara gurluşyk sergisine türkmen kompaniýalary hem gatnaşýar.

“UzBuild 2020” sergisine dünýäniň 25 ýurdundan 400 kompaniýa bilen bir hatarda, türkmen kompaniýalaryndan “Döwletli Döwran” hojalyk jemgyýeti we “Mizemez Gadam” hususy kärhanasy öz önümleri bilen tanyşdyrýar.

Kompaniýanyň wekilleriniň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar bermegine görä, daşary ýurt kompaniýalary türkmen önümlerine uly gyzyklanma bildirýär. Şeýle-de türkmen telekeçileri beýleki kompaniýalaryň önümçiligi bilen tanyşmaga giň mümkinçilik tapdylar.

“Döwletli-Döwran” hojalyk jemgyýeti 2006-njy ýylda esaslandyryldy. Ilki başda adaty kerpiçleri öndürmäge başlan kärhana 2019-njy ýylda zawody döwrebaplaşdyrdy. Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýerleşýän zawod 280 müň inedördül metr meýdany eýeläp, bu ýerde dürli gurluşyklar üçin alty görnüşli önüm öndürilýär. Zawodyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 80 million kerpiç öndürmäge ukyplydyr.

“Mizemez Gadam” hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň çäginde gurluşyk harytlaryny öndürýär. Kärhana esasan-da, bitum we gury-gurluşyk garyndylaryny öndürýär hem-de daşary ýurtlara eksport edýär.

25-28-nji fewral aralygynda geçirilýän “UzBuild 2020” halkara sergisi şu ýyl 21-nji gezek gurnalýar. Sergide dürli görnüşli gurluşyk harytlary, şol sanda sement önümleri, kerpiçler, penjireler, gapylar, içki we daşky bezeg serişdeleri, bitumlar, elektrik enjamlary görkezilýär.

Serginiň çäklerinde maslahatlar, ikitaraplaýyn gepleşikler, işewürlik duşuşyklary guralýar. Şol bir wagtyň özünde serginiň netijeleri boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.

2022