“POLYYARN” - polipropilen multiflament ýüplük önümçiliginde täze marka

“Abraýly dostlar” hususy kärhanasy Türkmenistanda polipropilen multifilament ýüplük önümçiligini ýola goýdy.

Kärhanada Gyýanlynyň polimer zawodyndan alynýan çig maly arkaly ýokary hilli ýüplükler dürli reňklerde we şekillerde öndürilýär. Ýüplükler Awstriýanyň dünýä belli SML enjamlarynda çykarylýar. Taýýar önümler bolsa, zawodyň özünde ýerleşýän Germaniýanyň “ZwickRoell” kompaniýasynyň tehnologiýalary oturdylan barlaghanasyndan, şeýle-de birnäçe garaşsyz barlaghanalardan geçirilýär.

“POLYYARN” markasy bilen öndürilýän polipropilen ýüplükleri dört sany uzaldyjy we egriji modul bilen enjamlaşdyrylan önümçilik liniýasynda öndürilýär. Döwrebap enjamlaryň netijesinde ýokary dykyzlykda we ýokary önümçilik tizliginde aňrybaş ýüplükler alynýar. Önümçiligiň çalt depginde amala aşyrylmagy ýüplükleriň hiline hiç hili zyýan bermeýär.

Önümler 150-6000 denier çenli aralykda bolup, berkligi 6.8-7.5 g/denierdir. Kompaniýa ISO 9001, 10002, 140001, 45001 sertifikatlaryna eýedir we önümler Ýewropa standartlaryna doly laýyk gelýär.

Multifilament ýüplükler tor görnüşli örtükleriň, ulag kemerleriniň, plastik turbalarynyň, ýüp we tanaplaryň, dokama filterleriň, halylaryň, torbalaryň, big-begleriň önümçiliginde giňden ulanylýar.

Hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletli we ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýän kompaniýa birnäçe ýurtlara önümlerini ibermekçi. Häzirki wagtda Türkiýä eksport edilýän ýüplükleri Ýewropa ýurtlaryna ibermek boýunça hem gepleşikler geçirilýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda ýerleşýän zawod 1700 inedördül meýdany eýeleýär.