Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlar toplumy açyldy

Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlar toplumy açyldy

Geçen sişenbe güni Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Bu ýerde 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy hem-de 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy bina edildi, şolaryň hemmesi ähli ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýlerdir.

Şeýle-de ýanaşyk ýerlerde ähli degişli düzümler göz öňünde tutulyp, umumy uzynlygy 5 kilometr 564 metre deň bolan täze ýollar çekildi, olar zerur tehniki serişdeler, ýerasty pyýada geçelgeler hem-de ýolagçy ulaglar üçin duralgalar bilen üpjün edilendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022