Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady

Söwda-senagat edarasynyň binasynda sişenbe güni Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergi öz işine başlady.

TDH-nyň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň gazananlaryny hem-de halk hojalyk toplumyny ösdürmekde döwrebap meýilleri öz içine alan foruma ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 37-si, teleýaýlymlaryň 6-sy, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşýar.

Çäräniň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara sergä gatnaşyjylara gutlagy okaldy. Gutlagda bellenilişi ýaly “12 gün dowam etjek sergi berkarar Türkmenistanyň milli ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň aýdyň beýany bolar”.

Açylyş dabarasynyň çäklerinde eksport harytlarynyň birža söwdalarynyň, tikinçilik we beýleki önümleriň görkezilişi boldy.

Serginiň çäklerinde “Sanly çözgütler-2020” atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň netijeleri jemlener, Sanly.tm täze milli elektron poçtasy hem-de “tmchat” programmasynyň messenjeri bilen tanyşdyryş çäresi, “Türkmen sähra-2020” hem-de Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň ylmy işleriniň wirtual sergisi guralar.

12 gün dowam etjek hem-de dürli işewürlik çärelerini öz içine aljak wideomaslahat görnüşinde geçirilýän baýramçylyk sergisine daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşar we serginiň ýapylyş dabarasy Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilýän güni geçiriler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022