Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan halkara sergi geçirildi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan halkara sergi geçirildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 1-12-nji dekabr aralygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergi geçirildi.

TDH-nyň şenbe güni habar berşi ýaly, uly göwrümli sergä ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. 12 gün dowam eden serginiň çäginde köp sanly işewürlik çäreleri, prezentasiýalar we gepleşikler guraldy hem-de olaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň döwlet edaralaryň ýolbaşçylaryň, ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleriniň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Serginiň dowamynda umumy mukdary 62 million ABŞ dollary, 1,5 million ýewrodan we 2,5 million manatdan köp bolan 130-dan gowrak halkara resminamalara we şertnamalara gol çekildi.

Halkara guramalary bilen 50 töweregi resminamalara gol çekildi. Olaryň aglaba bölegi Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky resminamalardyr. Şertnamalar boýunça taslamalaryň umumy mukdary 82 million ABŞ dollaryna barabardyr.

Mundan başga-da, umumy bahasy 72,79 million ABŞ dollary mukdarynda içerki harytlary eksport etmek boýunça 40 şertnama baglaşyldy.

2022