“Ýeňiş” fabrigi 31 million manatdan gowrak dokma önümi öndürdi

“Ýeňiş” fabrigi 31 million manatdan gowrak dokma önümi öndürdi

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Marydaky “Ýeňiş” tikin fabrigi 2020-nji ýylda 31 million manatdan gowrak dokma önümi öndürdi. Bu görkeziji 2019-njy ýyl bilen deňeşdirlende 10 million manat ýa-da 55% köpdir.

“Ýeňiş” tikin fabriginiň mahabat boýunça menejeri Döwletmyrat Çaryýewiň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berşi ýaly, 2020-nji ýyl boýunça kärhanada 638 müň 633 sany önüm öndürilip, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirlende 155% ösüş gazanyldy.

“Ýeňiş” tikin fabrigi 2019-njy ýylda 244 müňden gowrak önüm öndürdi.

1992-nji ýylda döredilen “Ýeňiş” tikin fabriginde 335 hünärmen zähmet çekýär. “Ýeňiş” tikin fabrigi öz öndürýän önümlerini ýöriteleşdirilen dükanlary bilen birlikde sanly ulgamyň üsti bilen hem ilata hödürleýär.

Bu ýerde öndürilýän köýnekler owadanlygy, endamyňa ýakymlylygy bilen tapawutlanýar. Içerki bazarlarymyzda mynasyp orun alýan “Ýeňiş” tikin fabriginiň önümlerine ilatymyzyň islegi günsaýyn artýar.

Şu ýylyň iýun aýynda paýtagtymyzyň A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda hem "Ýeňiş" tikin fabriginiň ýöriteleşdirilen dükany açyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022