Aşgabatda keçe önümleriniň sergisi geçirilýär

“Türkmeniň mirasynda keçe sungatynyň orny” atly sergi geçen penşenbe güni Aşgabatda öz işine başlady. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi serginiň gurnaýjysy hökmünde çykyş edýär.

“Maddy gymmatlyklar” gaznasyna goşulan keçe önümleri sergide goýuldy.

Mundan başga-da, sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Öwezmuhammet Mämmetnurowyň keçe sungatyna bagyşlap döreden birnäçe eserlerini görmek mümkin.

Sergi 20-nji fewrala çenli dowam eder.