Aşgabatda ýapon gurjaklarynyň sergisi geçirilýär

Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde ýapon gurjaklarynyň (ningýo) sergisi geçirilýär. Sergi fewral aýynyň 26-syna Ýaponiýanyň ilçisi Ýamamota Hiroýukiniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy.

Mart aýynyň 10-na çenli dowam etjek sergide 67 sany ningýo görkezilýär.