TSTB-niň 13 ýyllygy mynasybetli sergi öz işine başlady

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli çarşenbe güni türkmen hususy işewürliginiň gazananlarynyň sergisi öz işine başlady.

İki günlük sergi Birleşmäniň agzalarynyň häzirki güne çenli ýeten sepgitlerini görmek üçin meýdança bolup durýar.

Serginiň çäginde Birleşmäniň agzalarynyň maslahaty hem geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TSTB-niň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergä we agzalaryň maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlag hatynda bu çäreleriň hususy haryt öndürijileriň öndürýän önümleriniň möçberini içerki we daşarky bazarlarda artdyrmaga, maýa goýum we innowasion işewürligi ösdürmegiň has möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýändigini aýtdy.

“Dürli pudaklarda telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak bilen, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendireris. Şeýlelikde, döwlete dahylsyz pudagyň jemi içerki önümdäki 70 göterime barabar paýyny has-da ýokarlandyrarys” diýip, türkmen Lideri gutlag hatynda beýan edýär.

TSTB-niň 190 sany agzasy bu çärä gatnaşýarlar. Olaryň arasynda oba hojalygy, azyk gaýtadan işleýän, senagat önümçiligi, gurluşyk, gurluşyk materiallarynyň we elektroenjamlaryň önümçiligi, söwda, syýahat, bilim, IT-tehnologiýalary, hyzmatlar, ulag we logistika ulgamy we halk senetçiligi boýunça işleýän hususy kärhanalar hem-de hojalyk jemgyýetleri bardyr.

Şeýle hem Sergiler merkeziniň meýdançasynda döwrebap lybaslaryň “Ýaz-Tomus-2021” ýygyndysy görkeziler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredilip, ýurtda kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge ýardam etmäge, häzirki zaman telekeçilik infrastrukturasyny emele getirmäge ugrukdyrylan jemgyýetçilik edarasydyr.