Raşid Meredow GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow anna güni Moskwa şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşi ýaly, mejlise Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysy Jeýhun Baýramow, Ermenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ara Aýwazýan, Belarusyň DIM-niň ýolbaşçysy Wladimir Makeý, Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçysy Muhtar Tleuberdi, Gyrgyzystanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ruslan Kazakbaýew, Moldowanyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýasy ministrliginiň Döwlet sekretary Dumitru Sokolan, Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow, Täjigistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Sirojiddin Muhriddin, Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Abdulaziz Kamilow, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda mejlise gatnaşyjylar GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada maslahatlaşdylar. Ykdysady hyzmatdaşlyk we pandemiýa garşy göreş şu ýyldaky özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda kesgitlenildi.

R.Meredow öz çykyşynda GDA-nyň çäklerinde özara hereketleri pugtalandyrmak ugrunda türkmen tarapynyň garaýyşlaryny beýan etdi, şeýle-de sebit we halkara meseleleri agzap geçdi. Ministr halkara-hukuk kadalaryny dikeltmegiň ähmiýetini we döwletara gatnaşyklarda BMG-niň Tertipnamasyndan ugur alynmagynyň zerurlygyny belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen GDA-nyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda hereketleriň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine seretdiler.

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi.

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň indiki mejlisini şu ýylyň 14-nji oktýabrynda Minsk şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

(Surat: GDA-nyň resmi saýty)