Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow Aşgabada iş saparyny amala aşyrýar

Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow Aşgabada iş saparyny amala aşyrýar

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow ýekşenbe güni Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Bu barada Tatarystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanowy Aşgabat halkara howa menzilinde garşy aldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Minnihanow iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer we giňişleýin düzümde geçiriljek gepleşiklere gatnaşar.

Şu ýylyň aprel aýynyň 30-na wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Prezident Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. 

(Suratlar: Tatarystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy)

2022