Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasy welosipedli ýöriş geçirdi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçihanasy welosipedli ýöriş geçirdi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli 2021-nji ýylyň 2-nji iýunynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda welosipedli ýöriş geçirildi.

Bu ýörişe ilçihananyň hünärmenleri, Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary, Özbegistandaky türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar Daşkent şäheriniň merkezi seýilgähleriniň birinde Türkmenistanyň döwlet baýdagy bilen bäş kilometrlik welosipedli ýörişe gatnaşdylar.

2018-nji ýylyň 12-nji aprelynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda dünýäniň 56 döwletiniň goldamagynda Bütindünýä welosiped güni hakyndaky kararnama laýyklykda her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi.

2022