Türkmenistan we Sankt-Peterburg senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Sankt-Peterburg senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Russiýanyň Sank-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow bilen penşenbe güni gepleşikleri geçirdi. Sankt-Peterburg şäherinde geçen duşuşygyň dowamynda taraplar Sankt-Peterburgyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar, şol sanda senagat pudagyndaky hyzmatdaşlyk babatyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Sankt-Peterburg şäheriniň administrasiýasynyň web sahypasynda habar berlişi ýaly, duşuşyk Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SHYF-2021) çäklerinde geçirildi.

“Sankt-Peterburg Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Biz 2020-nji ýylda hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasy” bilen bir hatarda birnäçe möhüm resminama gol çekdik. Şeýle hem, 2025-nji ýyla çenli döwür üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyna hem gol çekildi” diýip, Aleksandr Beglow belledi.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň fewral aýynda gubernator Aleksandr Beglowyň ýolbaşçylygyndaky Sankt-Peterburgyň wekiliýeti Türkmenistana resmi iş saparyny amala aşyrdy. Aleksandr Beglow bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasyndaky gepleşikleriň dowamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada durlup geçildi.

“SHYF-2021” 2-5-nji iýun aralygynda geçirilýär. “Expoforum” sergi we maslahatlar merkezinde 4 günüň dowamynda ykdysadyýetiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşylýar. Foruma döwlet edaralarynyň hünärmenleri, iri kompaniýalaryň, korporasiýalaryň we banklaryň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Suratlar: Sankt-Peterburg şäheriniň administrasiýasynyň web sahypasy.

2022