Abu-Dabi Ösüş gaznasy (ADÖG) we Türkmenistanyň Hökümeti penşenbe güni 367 million dirhama (99 million 910 müň ABŞ dollaryna) barabar bolan iki sany şertnama gol çekdiler.
ADÖG-iň Baş direktory Mohamed Saif Al Suwaýdi we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarow şertnamalara Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabide gol çekdiler. Bu barada BAE-niň resmi metbugaty habar berdi.
Gol çekişlik dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow, BAE-nyň Energetika we infrastruktura ministri Suhail bin Mohammed Al Mazrouei we iki ýurduň ýokary derejeli resmileri gatnaşdylar.
Birinji şertnama Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Jebel şäherindäki howa menziliniň gurluşygyna 275 million dirhamyň (takmynan 75 million ABŞ dollaryna) gönükdirilmegini, ikinji şertnama Türkmenistanda bahasy 92 million dirhama (takmynan 25 million ABŞ dollaryna) barabar bolan gibrid usulda işleýän 10 megawatlyk elektrik stansiýasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmegi göz öňünde tutýar.
Jebel şäherindäki howa menzilini gurmak taslamasy Türkmenistanyň Balkan welaýatynda howa ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmäge we Merkezi Aziýada sebit howa aragatnaşygyny ösdürmäge gönükdiriliendir. Mundan başga-da, täze howa menzili transport hyzmatlaryny kämilleşdirmek arkaly Jebel şäherine we umuman Balkan welaýatyna maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berer.
Taslama sagatda 100 sany ýolagçy gatnadýan Jebel howa menziliniň terminalyny gurmagy öz içine alýar. Taslamanyň çäginde howa menziliniň gurluşygyny meýilleşdirmek, gurmak we tabşyrmak, şeýle hem menziliň işgärlerini taýýarlamak göz öňünde tutulýar.
Ikinji taslama bolsa Türkmenistanda gibrid usulda işleýän 10 megawatlyk elektrik stansiýasynyň gurulmagyndan ybaratdyr.
Abu Dabi şäherine amala aşyran resmi iş saparynyň dowamynda ýokary derejeli türkmen hökümet wekiliýeti BAE-nyň resmileri bilen hem duşuşyklar geçirdiler. Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Abu Dabiniň Şazadasy we Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammet bin Zaýed Al Nahaýan bilen duşuşdy. Wise-premýer Şeýh Muhammet bin Zaýed Al Nahaýana Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki ýurduň arasyndaky syýasy, maýa goýum, ykdysady, söwda, şeýle hem ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek barada iberen hatyny gowşurdy.
2021-nji ýylyň fewralynda ADÖG Türkmenistanyň hökümeti bilen üç sany özara düşünişmek Ähtnamalaryna gol çekdiler. Birinji Ähtnama maýa goýum kompaniýasynyň döredilmegini, ikinji Ähtnama Türkmenistanda himiýa senagaty toplumyny döretmek taslamasynyň maýa goýum mümkinçiliginiň öwrenilmegini öz içine alýar. Üçünji Ähtnamanyň çäginde taraplar gaýtadan dikeldilýän energiýa we howa transporty ýaly dürli pudaklarda infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmegiň mümkinçilikleriniň öwrenilmegi barada ylalaşdylar.
Türkmenistanda 1999-njy ýylda işläp başlan ADÖG umumy bahasy 182 million dirhama barabar bolan Arçman şypahanasynyň durkunyň täzelenmegini we Aşgabatda ýörite hassahananyň gurluşygyny maliýeleşdirdi.
Suratlar: WAM