Türkmen “Alem Shipping” ulag we transport kompaniýasy öz işine başlady

Türkmen “Alem Shipping” ulag we transport kompaniýasy öz işine başlady

“ALEM DOSTLUGY” köpugurly hojalyk jemgyýeti “Alem Shipping” atly täze bölümini açdy. Bu kompaniýa Türkmenistanyň çäginde ilkinji türkmen gämi gatnaw kompaniýasy bolup, Gara, Marmara, Ortaýer deňzi – Hazar deňzi ugurlarynda halkara deňiz ýüklerini daşamakda hyzmatlary hödürleýär.

“Alem Shipping” öz müşderilerine Wolga-Don kanalynyň üsti bilen geçiş döwründe deňiz arkaly ýük daşamagyň durnukly tertibini hödürleýär. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa ýük ätiýaçlandyryşyny, “pre-carriage” (önüm öndürijiden ýa-da ammardan alyp, harytlary eltip bermek), harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegini üpjün edýär. Şeýle hem kompaniýa halkara multimodal we intermodal ýük daşamagy hem-de taslama logistikasyny amala aşyrýar.

“Alem Shipping” kompaniýasy toparlaýyn ýygnalan, gaplanan, gury, konteýner, gabaraly, artykmaç agramly, ürgün görnüşli, çalt zaýalanýan, howply ýükleriň, şeýle hem enjamlaryň we tehnikalaryň daşalmagyny amala aşyrýar.

ISO-nyň halkara hil standartlaryny girizmek bilen, “Alem Shipping” kompaniýasy köp sanly önümçilik we guramaçylyk işini ep-esli derejede kämilleşdirýär, kompaniýanyň netijeliligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrýar, türkmen logistikasyny täze derejä çykarýar.

Harytlary deňziň üsti bilen daşamak boýunça her bir ýüz tutma müşderiniň esasy isleglerini göz öňünde tutup aýratynlykda işlenýär. Kompaniýanyň ähli müşderisi üçin bäsdeşlige ukyply bahalar hödürlenýär.

Gämileriň Türkiýäniň portlaryndan Türkmenistana iberilmeginiň tertibi her hepde düzülýär.

Mundan başga-da, “ALEM DOSTLUGY” köpugurly hojalyk jemgyýeti ulag we logistika hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, agrosenagat toplumyndaky taslamalary ulanmaga doly taýýar etmek, satmak, şeýle hem çig mallary, azyk önümlerini, enjamlary, nebit-gaz pudagy üçin ätiýaçlyk şaýlaryny paýlamak, import we eksport etmek hem-de Türkmenistanyň ähli ýerlerinde awtoulag satuw ulgamyny döretmek bilen meşgullanýar.

Habarlaşmak üçin:

Tel.: +993 12 75 43 67

Email: logistics@alemdo.com

Salgysy: 73-nji jaý 2127 (G. Kuliýewa), Aşgabat, Türkmenistan

2022