Ýaponiýanyň “Toýota” öňdebaryjy awtoulag kompaniýasynyň resmi dileri “Beýik ýüpek ýoly” kompaniýasy Aşgabatda penşenbe güni “Toyota Land Cruiser 300” kysymly awtoulagynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Bu barada “ORIENT” agentligi habar berýär.
Täze “Land Cruiser” awtomobili üç ölçegli şekil grafikasy bolan 12,3 dýuýmly multimediýa monitory, 9 dýuýmly sanly gural paneli, arka hatardaky ýolagçylar üçin multimediýa ulgamy, 360-gradus kameralary, smartfonlar üçin galtaşyksyz güýç beriji, ähli oturgyçlar üçin howa çalşyjy, arka aýnany görmek üçin yzky kamera we ýuwujy, USB portlary ýaly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.
Bu model howpsuzlyk ygtybarlygyny ýokarlandyrmak üçin döredilen barmak yzy skaneri bilen enjamlaşdyrylandyr. Awtoulagdaky barmak yzy üçin ornaşdyrylan enjam diňe bir hereketlendirijini işletmäge däl-de, eýsem maşgalada awtomobili birden köp adam dolandyrýan ýagdaýynda belli bir sürüjiniň profilinde saklanan sazlamalary dikeltmäge mümkinçilik berýän birnäçe görnüşi ýatda saklap biler.
Türkmenistana getirilen täze awtoulaglar ýerli howa şertleri göz öňüne tutulyp enjamlaşdyrylandyr. Awtoulagyň eýesiniň ýurdy, onuň öňündäki aýnasynda ýerleşdirilen zawod nyşanynda hem görkezilýär diýip, “ORIENT” agentligi habar berýär.
1951-nji ýylda önümçilige girizilen “Toyota Land Cruiser” modeli şu ýyl öz ýubileýini belleýär. Kompaniýa 70 ýyldan gowrak wagtyň içinde dünýäde bu modeliň 10 milliondan gowragyny satdy.
“Beýik ýüpek ýoly” kompaniýasy 2020-nji ýylyň soňunda Ýaponiýanyň öňdebaryjy awtoulag kompaniýasy bilen dilerlik boýunça şertnama baglaşdy. Şeýlelik-de bu kompaniýa Türkmenistanda “Toyota” kompaniýasynyň ikinji resmi dileri boldy. Türkmenistanda “Toyota Central Asia” kompaniýasynyň iki sany dileri bardyr – “Garagum ulag” we “Beýik ýüpek ýoly” kompaniýalary.
Suratlar: “ORIENT”