Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilýär

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy duşenbe güni ýurdumyzyň ähli künjeginde dabaraly ýagdaýda bellenilýär.

Baýramçylyk güni Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda däp boýunça Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi.

Gül goýmak dabarasyna hökümet agzalary, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň,edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Soňra Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Köpetdag şaýolunyň ugrunda açylan täze Döwlet münberinde bu şanly senä bagyşlanan harby ýöriş geçirildi. Harby ýöriş türkmen Watan goragçylarynyň ýokary hünär ussatlygyny nobatdaky gezek görkezdi. Harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümi ýöriş ussatlygyny, harby tehnikalaryň we ýaraglaryň nusgalaryny görkezdiler.

Baýramçylyk ýörüşine parlamentiň we jemgyýetçiligiň, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň hemmesiniň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, ylym we sport ulgamlarynyň, şeýle hem ýurduň sebitleriniň ählisiniň wekilleri gatnaşdylar.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň beyleki welaýatlarynda hem baýramçylyk dabarasy giňden bellenilip geçilýär.

Bu baýramçylyk senesi bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Gutterriş gutladylar.

Şeýle hem Türkiýäniň, Germaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň Prezidentleri, Ýaponiýanyň Imperatory, Saud Arabystanynyň Patyşasy ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen gutladylar.

Şu ýyl şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramy mynasybetli ýurdumyzda ýylyň soňuna çenli jemi 22 sany desganyň açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

(Suratlar: Türkmenistanyň resmi metbugaty)