Dubaýda “EKSPO–2020” Bütindünýä sergisi öz işine başlady

Dubaýda “EKSPO–2020” Bütindünýä sergisi öz işine başlady

Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO–2020” Bütindünýä sergisi “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris” diýen şygar astynda penşenbe güni aýdym-saz dabaralary bilen öz işine başlady.

BAE-nyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, 192 ýurtdan gatnaşyjylar Ýakyn Gündogarda, Afrika we Günorta Aziýa sebitinde ilkinji gezek geçiriljek global çärä Dubaý şäherinde ýygnandylar.

Açylyş dabarasyna Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy Şeýh Muhammet bin Zaýed Al Nahýan, Dubaýyň hökümdary Şeýh Muhammet bin Raşid Al Maktum we beýleki hökümet agzalary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen ýüzlenmesinde Bütindünýä “EKSPO–2020” sergisiniň başlanmagy bilen gutlady. “Möçberi we ähmiýeti babatda ýokary derejelere eýe bolan bu serginiň guramaçylaryna we oňa gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw edýärin!” diýip, türkmen Lideri sözüniň üstüne goşdy. Bu ýüzlenme Türkmenistanyň resmi metbugaty tarapyndan ýaýradyldy.

Döwlet Baştutanymyz “EKSPO–2020” Bütindünýä sergisiniň şygaryna ünsi çekip, bu sergä gatnaşyjylar tarapyndan anyk teklipleriň hödürlenjekdigini belledi. Şol teklipleriň bolsa halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretjekdigine we geljekde hereketleri utgaşdyryp, dünýä döwletleriniň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyny milli Liderimiz aýtdy.

“EKSPO–2020” sergisinde “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” mowzugy bilen öz işine başlan türkmen milli pawiliony, ýurdumyzyň geçen taryhy ýoly, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, ýokary senagat we intellektual mümkinçiliklere eýe bolan döwletimiziň ösüşi we ygtybarlylygy hakynda anyk düşünjeleri emele getirmekde uly ähmiýete eýedigini döwlet Baştutanymyz belledi.

Sebitiň syýahatçylyk, söwda we işewürlik merkezi bolan Dubaý şäheri 4,3 inedördül kilometr meýdanda gurlan Bütindünýä sergisine 25 million işewürleri we syýahatçylary çekmek arkaly ykdysadyýetini has-da ösdürmegi göz öňünde tutýar.

2022