Türkmenistan bilen BAE maýa goýum we energetika boýunça resminamalary baglaşdy

Türkmenistan bilen BAE maýa goýum we energetika boýunça resminamalary baglaşdy

Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO-2020” bütindünýä sergisiniň Baş kabul ediş merkezinde şenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda ykdysadyýet, maýa goýum, logistika we energetika pudaklaryna degişli birnäçe Ylalaşyklara we özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habaryna görä, duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de olar häzirki anyk ýagdaýlary nazarda tutup, ileri tutulýan ugurlary hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeň artdyrmak, ysnyşykly işewür, ynsanperwer, ylmy gatnaşyklary höweslendirmek babatda pikir alyşdylar.

Hususan-da, emirlikler tarapynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylmagy maksat edinilýän gazhimiýa, maliýe we ulag pudaklarynda, söwda-ykdysady hem-de maýa goýum ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimlere aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy geçirildi. Şonda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty (Türkmenistan) bilen “DP World FZE” (Birleşen Arap Emirlikleri) kompaniýasynyň arasynda porty dolandyrmak we logistika hyzmatlary babatynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen “Abu Dhabi Future Energy Company PJSC – Masdar” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Abu-Dabiniň ösüş gaznasy bilen “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Türkmenabat şäherindäki garyşyk mineral dökünleri öndürýän himiýa zawodynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda karz Ylalaşygyna gol çekildi.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Dubaý şäheriniň Hökümetiniň Ykdysady ösüş departamentiniň arasynda özara düşünişmek hakynda we Türkmenistanyň Hökümeti bilen “Nasdaq Dubai Limited” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda Dubaýda geçirilen “EKSPO-2020” bütindünýä sergisiniň çäklerinde gurnalan Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

(Suratlar: WAM agentligi)

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022